Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Annaýew köçesi 95, jaý 81
HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY
Balkanautoulag_logo

Hyzmatlar

ÝOLAGÇYLARY ŞÄHERARA UGURLAR BOÝUNÇA GATNATMAK

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny welaýatyň şäher içidir etrap aralygy ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap ýolagçy awtobuslary hereket edýär. Häzirki wagtda «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginde «Hyundai Super New Aero City Universal Zuhuri» kysymly awtobuslaryň 30-dan gowragy hyzmat edýär. Awtobuslar bellenilen wagt aralygynda menzil aralarynda gatnawy amala aşyrýar.


ÝÜK AWTOULAGLARYNDA DÜRLI ÝÜKLERI DAŞAMAK

«Balkanawtoulag» önümçilik birleşigi diňe bir raýatlara ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirmän, eýsem, raýatlaryň dürli görnüşdäki we göwrümdäki ýük daşamak hyzmatlaryny hem hödürleýär. Dürli ýyllarda satyn alnan ýük awtoulaglary önümçilik kärhanalarynyň, raýatlaryň sargytlary esasynda hyzmat edýärler. Häzirki wagtda birleşige degişli bolan «Kamaz – 6520», «Kamaz – 65117», «Kamaz – 65115», «MMZ – 4502, 4505, 45021, 45022, 554M», şeýle-de «Zil – 431410, 633362, 431412, 130-A, 138-B», «Gaz – 53-12, 52-01» kysymly awtoulaglar hereket edýär. Balkan welaýatynyň çäginde iş alyp barýan edaradyr kärhanalar, hususy kärhanalar özleriniň ýüklerini önümçilik birleşiginiň ýük ulaglary arkaly barmaly menziline eltip bilerler.


TAKSI AWTOULAGLARYNDA ÝOLAGÇY GATNATMAK

Önümçilik birleşigi tarapyndan ýeňil awtoulaglary, ýagny taksi hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär. Welaýatyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde «Hyundai Elantra» kysymly taksi ulaglarynyň hem 10-sy hereket edýär. Taksi ulaglary iki çalşykda iş alp barýarlar. Bu ulaglar sargyt etmek arkaly hem hereket edýär.


AWTOULAGLARY ABATLAMAK WE OLARA TEHNIKI TAÝDAN HYZMAT

Şeýle-de “Balkanawtoulag” önümçilik birleşigi tarapyndan awtoulaglary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek işi hem ýerine ýetirilýär. Birleşige degişli bolan ulaglardan başga-da isleg bildirýän kärhanalaryň we raýatlaryň awtoulaglaryna hem tehniki hyzmat berilýär. Özlerine degişli bolan ulaglary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat bilen üpjün etmägt isleg bildirýän müşderiler biziň birleşigimize ýüz tutup bilerler. 


«Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň hyzmatyndan peýdalanjak raýatlarymyz şu salgy boýunça habarlaşyp, özlerine gerekli ulaglary sargyt edip bilerler :

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Annaýew köçesi 95, jaý 81

Telefon: (+993) 222 6-73-41

Faks: (+993) 222 6-78-60