Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Annaýew köçesi 95, jaý 81
HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY
Balkanautoulag_logo

Biz barada

Balkanawtoulag about img



“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Balkanawtoulag” önümçilik birleşigi “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň kanuny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky 653-nji Permany we 1634-nji kararyna, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň 2020-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky 01-Ö belgili buýrugyna laýyklykda gaýtadan resmileşdirildi.

Birleşik öz işinde doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we öz-özüni dolandyrmak ýörelgesine esaslanýar.

Birleşik ýuridiki şahyslara degişli bolan hukuklardan, “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda öz işi bilen baglanşykly hukuklardan peýdalanýar hem-de öz üstüne alan borçlaryny (borçnamalaryny, jogapkärçiliklerini) doly we gyşarnyksyz berjaý edýär. Birleşigiň özbaşdak maliýe hasabaty, bank edaralarynda hasaplaşyk hasaby, emlägi, Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen öz we Esaslandyryjynyň doly ady ýazylan möhüri, möhürçeleri, hatnamasy bar.

Birleşigiň esasy hyzmatlary:

- Awtoulaglary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek;

- Ýolagçylary gatnatmak üçin taksi hyzmaty;

- Ýük awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmaty;

- Şäheriň içinde we oňa golaý ýerleşýän etraplara ýerüsti ulaglar arkaly ýolagçylary gatnatmak hyzmaty;

- Ady agzalan toparlara goşulmadyk beýleki ýerüsti ulaglaryň hyzmaty;

- Myhmanhana hyzmaty.

Birleşik, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministirliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 2015-nji ýylyň 23-nji aprelinde 25765577 belgili şahadatnama bilen hasaba alnan “Balkanawtoulag” önümçilik birleşiginiň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutarydyr.